Post Info TOPIC: Tankyt
dawranm

Date:
Tankyt
Permalink   


Mukaddes Ruhnama Bölümi
Parahorlyk – Ruhy Kesel, Çözgüdi – RUHNAMA
Eziz Annamyradow



Nowruz 16, 2004. Dünýäniò iò uly kynçylyklarynyò bir bolan parahorlyk maddy zyýany uly bolup, asyl bu ruhy keseldir. Kiçi zat bilen ogurlyga baºlan adam “aý, tutulmadymlaý!” pikrine gidip, ogurlygyò yzy üzülmeýär. Bu onuò ruhyna jaýlaºýar we adamdaky wyždanyò berýän biinjalygy ýuwaº-ýuwaºdan gidýär. Eger öòi alynmasa soò özüne kär edinäýjek ýagdaýa geler. Ogurlygyò hemmesem bir, emma näçe uly jemgiýetiò puluny ogurlasaò, ºonja-da uly günä bolar. ªol sanda hökümet iºgärleriniò gyºyk sowjak 1 teòòesi, bütin ilatyò hakyny iýdigi hasabyndadyr.



Bu keseli Orsiýetdäki Ýukos kompaniýasy, Türkiýedäki Uzan topary, Indoneziýadaky Suharto maºgalasy bilen örän oòat bilýäris. Bu parahorluklaryò hötdesinden gelmek üçin dünýäniò ähli künjeklerinde dürli çäreler alnyp barylýar. Hatda Malaýziýada “Parahorluga Garºy Göreº” guramasy (Anti-Corruption Agency) hem bar. Gynansakda bu kesel ülkämizde-de giòden ýaýran. Hanamow, Yklymow, ªyhmyradow, Orazow, we birnäçe mälim ºahsyýetler ogurlany-ha ogurlany, yzyndan daºary ýurda gaçyp gidip, özlerini nädip “oppozisiýa” we “demokrat” diýip yglan edip bilýär? Galyberse-de ‘it doýsa, ogurlyk eder’ diýiºleri, beýik serdarymyzyò janyna kasdetmäne synanºyp, hökümeti zorlyk bilen ele geçirmäne ymtylyºlaryna näme diýjek? Dogry, ýokarda oturyp arkaýyn halkyò puluny iýip oturmaly-da.



Parahorlyk ogurlygyò bir görnüºi bolan soò, bu hem bir ruhy keseldir. Munyò düýpki çözümi ruh kämilligidir. Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy 2001-nji ýylyò sentýabr aýynda, ilimiz üçin mukaddes häsiýetleri içine alýan Ruhnama kitabyny sowgat berdi. Serdarymyz parahorluk bilen göniden göreºiºi ýaly, geljek nesiliò kämil ruhda ýetiºmegi üçin ºu wagtdan alada edýär. Birnäçe jemgiýet keselleriniò çözgüdi, edil parahorlukda boluºy ýaly Ruhnamadaky mukaddes häsiýetlere eýe çykmalydyr. Ol görkezmeler ýeke kagyzyò üstünde galmaly däl, bu häsiýetleri durmuºa geçirmeli.



Ýetmiº ýyllyk soýuzyò astynda kommunizm propagandasy bilen “sosialistler aldamaz, ýaºasyn kommunizm!” ýaly sözler giòden ýaýrandy. Kommunizmiò soòky 30 ýyly iýjek-iºjeklerimiz gelip dursa-da, döwletimizden alynan baýlygyò hasabyna deò geler ýaly maýa goýum hiç edilmedi. Ol iýjek-iºjeklerem ºol bir zatlardy, hili hem, tagamy hem, önümem birdi. Kommunizmdäki demir perde sebäpli bazarymyzda dünýäki önüm görnüºleriniò ondan biriniòem ýokdugyna göz ýetirip bilemzokdyk. Baýamana mümkinçilik ýokdy. Iºleseò-em, iºlemes-em ºol bir aýlyk. Adamlaryò aòyýeti ösüºi pikretmez ýaly düzülen bir ulgam bardy. Ýagny gozgalaò turuzulmaz ýaly. Birem halky, bagyºlaò söz ýerinde däl bolsa, ‘haýwan’ ýaly öz tejribeleriniò gurbany etdiler. Birinji ahmak (Lenin) halky “açlyk eksperimentinden” geçirdi, ikinjisi “Sibiriò sowugynda bugdaý ekin” tejribesiniò ýany bilen “watan duºmanlaryna” garºy göreºdi. Yzyndan gelenlerem, “mekge tejribesi”, “iº wagty daºarda bolmazlyk” tejribeleri bilen dowam etdi. Galyberse-de Türkmenistanda Garabogazy guradyp eksperiment geçip ýörenler, ekinleriò azotlaryny köpeldip toprak zaýalap ýörenlerem boldy. Halk özüniò eºretli saýan günlerini ýada salsynlar, bir maºyn almak üçin parlamentdäki agzalaryò berjek sesiniò netijesinde beriljek kwitansiýasyna bagly bolandygyny.



ªükür indi, ol günlerem geçdi. Meniò bu zatlaryò samranymyò parahorluk bilen näme baglanºygy bar. Aýdaýyn… Bir topar kemçiliklere garamazdan umumy halkyò moral ýagdaýy arassarakdy. Halk dürüsdi. Munyò sebäbi “sosialist aldamaz” propagandasynyò arkasynda, halkyò iýjeg-iºjegi gelip durdy. Ýagny propaganda çüýrük hem bolsa daýanara bir öresi bardy. Emma çydamsyz bolan bu ýasama öre ýykylandan soò, moral ýagdaý düºdi we halkyò içinde ogurlygam-jümriligem köpeldi.



Ynha edil ºol öre çydamly, ýykylmajak öre bolmaly. Olam biziò Hudaýyò bardygyna we birdigine ynanyp, ony söýüp, ondan gorkmagymyzdyr. Hudaýdan gorkmadyk adam ogurlykdan çekinmez. Serdarymyzyò Ruhnamany ýazanynyò sebäplerini biri, Türkmeni asyrlarça dik tutan bu çydamly öräni gaýtadan dikmekdir. O öre ýykylmandy, o öre çykarylyp zyòylypdy, ýerine çüýrük öre goýulypdy.



Ogurlyk edende “aý baºlyk görenog-a!”, diýýän adam, baºlyk görmese-de, Allanyò görýändigini ýatdan çykarmaly däldir. Galyberse-de haram pul bilen doly bagt tapan adam ýok. Haram bir bolup girse, iki bolup çykar. Hatda Ruhnamada öò prezidentimiz bilen bile iºleºen biriniò ýazan haty ýer alýar (sah.346). Iki ogluny hor etmejek bolup ýygnan haram pullary bilen maºyn we öý alyp berip, netijede bolsa olaryò biri awariýa bolup oòurgasyny ýazdyryp, ömürlik düºekde geçirmeli ýagdaýa düºendigini ýazypdyr. Beýlekisem bolsa jalaýlyk edip ýörºine, yzyndan gerreçi bolup gidipdir, kakasy bolsa mundan giç habary bolupdyr. Aýaly bu weýrançylyga çydaman ölüp gidipdir.



Asrymyzyò beýik alymlaryndan biri “Halalyò ýoly ºeýle giò, harama girere hajat ýok”. Dogurdanam, güýmener ýaly bir topar halal ýol bar. Hökmän arag içip laý-läº bolup ýatmaly diýilen zat ýok. Aýdym diòläp ýa-da aýdyp, toýda tans edip, boº wagtlar degiºmeler aýdyºyp oturmak, futbol oýnamak hem güýmenjedir. Pul meselesinde bolsa halal baýap hem bolýar. Netijede üýºürjek baýlygyòy öleòde gabryòa ýanyò bilen alyp gidip bilmeýäò. Magymguly “Halala hasap bar, harama azap”, diýiºi ýaly, haram pulyò getirjegi zat ýeke azapdyr. Haram pulda bereket ýokdyr. Maºgalany – ojagy ýykmakdan baºga hiçzat etmeýändigini bilmelidiris.



Illeriò ýalòyº tejribelerini özüò synap edip görmek ýaly erbet zat ýokdyr. Biriniò oda bökenini görüp, ºondan oòat netije almandygyna göz ýetiribem, zäherli baly datmak neneòsi akylsyzlykdyr. ªol sebäpli Ruhnamany ýygy-ýygydan okap durmaly, bir ýalòyºy etmezden öò “ýedi ölçäp, bir kesmeli”.



ªu pursatdan peýdalanyp ýurt baºtutanymyza peºgeº beren Mukaddes Ruhnamasy üçin minnetdarlygymy bildirmek isleýän. Baºyò dik, ýurdyò abat bolsun eziz Serdarym!

Öòki Ýazgylar
-----------------------------------------------
Bu owadanja makalany okanymdan son kabir zatlary yazasym geldi. Bu makalanyn many we mazmuny bilen maksadynyn biri birine birazajyk chakyshyanlygyny gordum diyse yalnyshayarmykam. Bir seretsen munyn maksady parahorluk bilen goreshmek. Yöne kabir setirlere sygdyrylan hudaydan gormak yaly pikirler mana Türkiyedaki Fethullahchy dushunjanin hereket edish sistemasyna menzeyar. Olar hem öwmelini öwüp, etmelini edip, esasy öz pikirlerini hem arasyna gizlapjik köplere hödürlemani ussatly bilen yerine yetirip bilyarler. yogsada Hudaydan gorkmegy nireden chykaryan. Eden etdiligin jezasyny huday beryan bolsa, hudayin biz ynsanlardan name tapawudy bar. Hudaydan gorkmegy maslahat berip, hudaydan gorkup yaºamagy ündeyanlere men düºünip bilemmok. Hudaydan gorkmany dalde, ony söymegi öwretmek nahili maksada layik bolar. Sen gorkyan zadyny nadip söyjek. Bu musurmanlaryn özboluºly kelpezchilikleri kan. Mysal üchin ulurak metjitlere barsan ol yerdaki halydan ayak pursusy ankap dur, shondada ol yere baryp bash wagt namazyny okap yoren özbulushly dindar musurmanlar bar. Bu ynsanlar özlerinin mukaddes borjy bolan namazlaryny kylyan yerlerine seretmek yatlaryna hem düshenok. Musurmanlar Hudayi söyüp bilselerdi, bu hili problemalary bolmazdy. Bu hili problemalar bolmasada hich bir musurman hudaydan gorkmazdy. Onson hem bu din meseleleri her kimin özünin borjydyr. Hich kim hich kimi zorlap bilmez. Parahorluk barada alynyp baryljak ishlerde adamlary Hudaydan gorkuzup göreship bolmaz. Git ösen döwletleri, hudaydan gorkup bu dereja gelipdirlermi? Olarda ilki bilen ynsan hukugy bar, olarda dogry, düzgün ishleyan bir sistema bar, bu sistema layiklikda bilim sistemasy we ulgamlary bar. Olaryn jemgiyeti bugünini dalde, ertirini hem pikirlenip bilyar. Dine özlerinin dalde öz döwletlerinin geljegini öz döwletlerinin kanunlaryna ynanmaklarynyn we yerine yetirmeklerinin ullakan peydasynyn barlygyna hem sosyal hem psihologiki taydan kabul edipdirler. Birem bize we bize menzesh musurmansyrayan döwletlere seret. bizde bir hukuk fakultedine okuwa girmek üchin 10-15 müng dollar pul sorayan ynsanlaryn yashayan sistemasynda name taman bolup biler. ol yerde okansyran bolup diplomyny alyp yene ep eslije puly berip ishe giryan balajyklarymyzdan nadip halal yashamagy talap edip bileris. Ynsanlary entek yolun bashlangyjyndaka haramyn ichine itekleyan zehin we vyjdan yashadykcha bu yalanchy yer togalagynda muna hudayin hem güyji yetmez. Hany gidip sholara hudaydan gork diyip gör, sen özüni gorkuzup goybersinler. Ruhnamany bahanalap hudayi dilimize chorajak bolup oturmagymyzam ayratyn güna bolsa gerek. Goy ruhnama bizin Ruhymyzy goyaltsyn, beygeltsin. Goy Beyik Türkmenbashymyz hem beyik türkmen halkyna Beyikligin gadyryny bilip belentlige ymtylyan nesil goyup gitsin. Ol beyik nesil hudayi söymegi hem biler, ol dünya baranda hudaya öz güyji bilen hasap hem berip biler. Yoksada hudaya yada bolmasa garshylygym yok. Bizin hudayimizam bizin dinimizem Turkmenlerin taryhy bilen öwünip biler. Men hudayada uysam uyyaryn, yöne könekilerimizin aydyshy yaly DINDEN CHYKSAN CHYK, YÖNE ILDEN CHYKMA diyen sözüne welin gürrünsiz uyyaryn. sebabi meni bu dereja getiren öz ilimdir, dinim dal. eger men ilim dinim bolsa, dinimem ilim bolsa gaty gowy bagt.
D.M.

__________________
Hormat

Date:
Permalink   

Pikrinizin uly bolegine goshulmasam-da, hormatym soñsuzdyr.

Owal meniñ kanagatym siz Ruhnamany doly okamansynyz. Umumy manyda eger Ruhnama hallalygyn yollaryny açmana sebap hokmunde ulanyp bolmajak bolsa, beyle kitabyn manysy name?

Birem "Hudayn-am guyji yetmez(!)" yaly soz sarpetmeginiz, Hudayyn guyjinden habarsyz, hatda Hudaydan habarsyzdygynyzyn bir aydyn alamaty. Men yene-de sizin pikrinize hormat goyyan.

Taryhda yolundan azan yuzmunlerce milletler azaba magruz goyulyp, taryhyn sahypasyndan öçüp gitdi.

Hatda Ruhnamada-da aydylshy yaly Turkmen milletinin 5000 yillik taryhynda ahli synaglardan gecenligi sebapli Huday Tagallanyn yerin teyine ugratmady.

We seni bu yagdaya getiren ILiñ bu yagdaya asyrlarça yzarlan dininiñ, ahlakynyñ getirendigini, bir manyda turkmenlerin bu synaglardan gecip taryhyn mohum wakalaryna goluny cekmegi, hem Huday gorkusy we soygusine ahmiyetli yer berilendigi sebaplidir.

100 ors yesirligi we 70 yil komunizm zulmuna magruz galanymyzyn sebabi, bizin ucin ahmiyetli bolan bu mohum gymmatlyklara eye chykmayshymyz sebaplidir. Aydyshyn yaly Huday gorkusy we soygusinden mahrum yashamagymyzdyr.

Galyberse-de her din bilen dertlenyane birde yarym jemagatyn agzalary diymegin manysy yok. Muny Magtymguly atamyz goshgularynyn uly boleginde halka yatlatjak bolup agzap gechyar. Ahyrzamanyn geljekdigi, Namaz, Zekat yaly Yslamyn mohum hakykatlary barada goshgularyny gury soz okan yaly okamzokmy eysam?

Edil shu wagt bir setir mysal bereyin:

"Dyýanat halk elinden,
Uçdy diyip aglar men!"


Eziz Doganym!
Pikirlerinize hormatym, size doganym hokmunde soygimiñ çägi yokdur. Emma garybyñam pikrinden habaryñyz bolsun diyip, demokratiya miwesinden oran uly howes bilen peydalanmana rugsat beriñ!

Hormat.


__________________
dawranm

Date:
Permalink   

Hormat goymak hem, hormat goyyan diymek hem göryan welin sonky döwrün modasy bolupdyr. Men hem shu yerde shol moda uyyan. Ruhnamany doly okamansyn diyman sebabine düþünmedim, yöne men Ruhnamany okadym, þat boldum. Herkim her hili nukday nazardan seredip biler. Onson hem men hudaysyz biri dalligimi sana yatlatmaly boljak. Setirlerimin içinden setirler döredip, dine bir döreden setirlerine göra jogap yazjak bolmada menin öne süren pelsebame jogap bersen gowy bolardy. Yogsada Fethullahçylygy diline çoramansynla, bizin dinimizde dogryçyllyk bardyr. Bizin dinimiz öz maksadyna yetmek yada ony amala aþyrmak üçin "TEDBIR" yaly bahanalar bilen hukuk daþynda edyan pýssý puçulyklaryny gizlemek yokdyr. Bizin dinimizde men men diyip etjegini edip Amerika gaçyp gitmek hem yokdyr. Bizin dinimizde baþ manat pulyn güyjinin ullakanlygyna gaty erbet ynanybermegem yokdyr. Bizin dinimizde ZAMAN gazedini bir öye 5-6'lap ibermek hem yokdyr. Bir öye bir gezet yeter, galany isrifdir. Isrif bizin dinimizde haramdyr. Görsene bu nahili dindarlyk, men bularyn bu iki yüzliligini görüp nadip bular yaly dine ynanayin.  Bizin dinimizde ilki iman etmek, onson dinini doly öwrenmek, ondan son hem her bir musurmanyn boynunyn borjy parzlara geçilyandir. Bolmasa hazirki musurmançylyk bilenjik onmaly bolarsyn. Din diyilyan zady manysy name, onun maksady name, ilki muna doly düþünjek bolalyn. Yogsada belli bir galybyn içine girip galyplaþyp oturmak senin ne taryhyny yzyna getirer nede sen taryhdaky ynsalaryny... Men dilegim galyplaþmakdan huday sowsun, sebabi galybyn daþynda hem owadanja, peydalyja zatlar bar...


D.M. 



__________________
Tankytcy

Date:
Permalink   

Dowran, senin kritikana onat jogabym bar. Emma muny email arkaly yazmakcy, malim 'tedbir'....

__________________
Tankytcy

Date:
Permalink   

Dowran, senin kritikana onat jogabym bar. Emma muny email arkaly yazmakcy, malim 'tedbir'....

Menin emailim: tankytcy@yahoo.com

__________________
Dawranm

Date:
Permalink   

Tankytchy dosa salam bolsun. Jogabyna garashyan, menina tedbirim dine achyk sözlüligim. saglygyn...
D.M.

__________________
tankytcy

Date:
Permalink   

Jan doganym, Dowran!


Men acyk sozlulikden gacamok, emma aytjaklarymy acyk forumda aydyp biljek dal.


Her sozüñ dogry bolsun, emma her dogryny her yerde aytma diyipdirler.


Anyway, senin yaly acyk oglanlary halayan. Bir manyda bir milletde her pikir toparyndan, idealogiya jemgyyetinden adam bolmaly. Bu ulkanin pikir baylygy ucin ahmiyetli. Biz yaly 'goz yetimi da' we 'galyba alynan' adamlaryn öñden görüji häsiyetiniñ kemligi sebäpli, senin yaly 'aýdyñ' adamlar halas etmeli.


Doganym, kabir aytjak zatlarym dine email bilen aydyp biljek. Menin emailim: tankytcy@yahoo.com . Sen bir anonim at bilen hat yaz, men sana hokman jogap bererin.


Senin bilen aragatnashyk etmek isleyanimin sebabi pikir çalshygy etmekdir, we sizin bilen has yakyn aragatnashyk gurmakdyr. Bir goren tanysh, iki goren garyndash diyipdirler.


Hormat bilen.


Tankytcy


 



__________________
yolbars

Date:
Permalink   

hormatly yigitler. tartþmanýzýn baþy gowy baslapdy. parahorlyk keseli hakda, ruhnama hakda, din hakda... umuman acyk pikirlilik bilen dowam eder diyip oyladym weli yalnysaypdyryn oydyan. bu yere fethullahcylyk nireden geldi. bizin sonda basga meselamiz, problemamyz, basga aladamyz yokmy. fethullahcy, nurcu, solcu, komunist, milliyetci yaly emeli toparlar döretmek, halkyn arasyna agzalalyk, birbirini dýþlamak kime gerek boldyka...  su wagt bizin esasy problemamyz turkmenistany nadip osen döwlet hataryna gosup bilmek bolmaly.

__________________
Chandybil

Date:
Permalink   

quote:

Originally posted by: yolbars

"... su wagt bizin esasy problemamyz turkmenistany nadip osen döwlet hataryna gosup bilmek bolmaly."


1.Syjasy ve ykdysady azatlykar chäkli halda ösish barada dine bosh gurrun edip bolar. Adamalar yurdun ichinde ol veleyatdan bu velajata arkayin chykyp bilmesejän halynda nähili ösudhin gurrunini edip bolar.


2.Ruhnama barada. Ruhnama Bu baryp jatan sharlatanlyk ve beyin jykama. Muny sor edip mekdeplerde okudulmasy uly jenayat hasap edyärin. Hich bir partiyan ja-da shahsyn idealogiasy bilim ve magaryf  sistemine arashdyryp bolmaz. Dunyevi kanunlar bojuncha bu in agyr jenayatdyr. Govy ja-da erbet , mun hich bir jedeli bolup bilmez. 


Biz shu meselelerin hotdesinden gelip jurdun ösushi barada söhbet edip bileris. Bolmasa dilimiz bilen orak orarys


Hormat bilen


Chandybil



__________________
yolbars

Date:
Permalink   

eysem onda syyasy we ykdysady aztlyklar hakynda da sohbet edip bolar. syyasy taydan turkmenistan doly garassyzlygyny alandyr. muny kulli alemin bilmegi gerek. ykdysady taydan garasly bolup biler. yone ykdysady garassyz bolan nace ülke bar kan?!


yone eger chandybil syyasy azatlyk diyip adam hukugynyn bozulmagyny aydyan bolsa muna menem gosulyaryn. yone muny düzeltmek wagt alar. hiç yerdede barypyatan kamil adam hukugy yokdyr. bu kemciligi düzeltmek adamlaryn, watandaþlaryn ozune bagly. adamlaryn oz hukuklaryny goramasyny bilmesi üçin wagt gerek. in kamil hasap edilyan yewropa adam hukugy hem su hala yetmek üçin 300 yyl gores berdi. .............. entek gecilmeli yol kan!


ruhnamany okatmak bilen jenyat arasynda hiç hili bag yok. ruhnamada hiç hili ideologiya zor bilen beyna guyulmayar. eysem yas çagalara edep we ahlagy, watançylyk duygusyny, ene ata hormaty, ruhubelent bolmagy haysy "das kapital" bilen berjek!!



__________________
Tankytcy

Date:
Chandybile ve Yolbarsa
Permalink   


Chandybile aytjak zatlarym

1-Öñi bilen özumizden bashlamaly. Öz içki reformlaryny yerine yetirman, halkyn reformuny edip bolmaz.

2-Dogry dunyewi kanunlara gore uly jenayat. Emma bugun dunyewi kanunlaryn guychli bolandygy sebapli, oña dogry diyip bolmaz. Guych hakda, hak guychde dal. Galyberse-de dunyewilik Gunbataryn Hrystyyan Ybadathanasyna garshy chykarylan zat. Bizde Ybadathana (Church) bolmasa name, bizem dunyweiligi kabul eder yaly. Bizde din bilen ylym arasynda hich sowesh bolmasa name, edilen ishlerimizi dunyweilige gora chozgut gozlar yaly.

Yolbarsa aytjaklarym:

Yokarda dogry aytdyn, gurrun aylanyp sowulup kabir toparlara geldi. Shol sebapli, gepi dowamyny email arkaly dowam etdik, hichkimin damaryna basaymaly, hichkimin gownune degaymayli diyip. Bu jedel oran onat jemlendi. Iki tarapam biri-birinden razy boldy. Netijede Turkmenistanyn shu wagtky kynchylyklaryny ätmek uchin mohum meselelerin birnachesine degildi. Onun uchin gaygy etme. Barde dine gepin bashy bar, sony yok.

Chandybil we Yolbars pikirlerinizi paylashanynyz uchin minnetdar.

Hormat bilen, Tankytcy (tankytcy@yahoo.com)

__________________
Dawranm

Date:
RE: Tankyt
Permalink   


Yolbarslarada chandibil iline-de, yenekilerede salam bolsun. Men kopden bari bu forma girmedim, sebabini sorasanyz sebap yok, giresim gelmedi yada yatdan chykdy. Ynha bu gun yatlap girdim we oran tasin setirler bilen gabatlashmaly boldum.


Yolbarsmyn arslanmyn biljek dal, chandybilmin goroglymyn onam biljek dal. umumy yazjak, umumy seredin. Dunyewilik name-ka? bilesim gelyar. Ykdysady garashsyzlyk name-ka? bilesim gelyar. siyasy garashsyzlyk name-ka? bilesim gelyar. Hatta turkmenistanda osush name diymek-ka? bilesim gelyar. Jenayat name-ka? bilesim gelyar. Ruhnama diymek name-ka? bilesim gelyar.


Turkmenistanda bir velayatdan bashgasyna gitmegin gadaganlygyny one surup name diyjek bolanyzada dushunmedim, mena islan wagtym islan yerime gidip bilyan! Yogsada islan yerine gidip shu yerde kopurak pul bar yalyla diyip ol yerde choke dushup oturyp bilmersin, oturtmaly hem dal. Men 10 yila yakyn watandan uzakda yashadym. gizdimem gordumem. kop taraplayin gaty tasin zatlary gordum. munun kop bolegini Ystambylda gechirdim. Hazir bu yerde 15 miliiondan gowyrak adam yashayar. olaryn kopusu entek shaher durmushynyn nameligini bilmeyan shaherin kirleri diysem gaty gorman. bashga tarapdan seretsen Turkiyanyn esasy beynisi we ekonomiyasy Ystambylda. Muna garshy gelyanin baram bolsa chyksyn aytsyn. Aydaly Ystambylda yer titirese, huday sowsun bir urush tursa, dushman Ystambyly yer bilen yegsan etse Turkiyanin elinde namesi galar-ka? bilesim gelyar. Men pikirimche ne ekonomiya, nede beyin,akyl, pikir. Turkmenbashynyn shindi shindi owadan minaralar saldyryp yorushune hayranlar galdym, gordum dunyade kopler beyle minaratlara asyrlar on dushupdyr. Bizem dushupdyrys, garakchylar yikipdyr. Yikanmy yada yikdiran gunakar ony biljek dal. Men barde duygulardan ybarat watansoyerligim bilen gep urmak hiyalym yok. Watanymyzda bolup gechyan kemchilikleri yokarky setirlerimde aydypdym.


Kanunlar barada aytsam, kanun name uchun chykyar-ka? bilesim gelyar. Kanuny oturyp kanun chykaryjy organ bilen chykaryp goybermanin name manysynyn barlygyny dogrymy aytsam bilesim gelyar?! Kanuny chykarmak elbetde gaty ahmiyetli zatdyr. Yone ol kanunlaryn halk tarapyndan doly owrenilip, talap edilip we talaba layiklykda chykarylmagy gatyrajyk ahmiyetli bolsa gerek. Mysal uchun men watana baran wagtym pasport kontrolyndan zatdan gechen pursadym gonulap orslaryn yanyna baryaryn we men oz ene dilimde gepleshyarin. Garshymdaky bihepbe orsam owrenshenje zady rus dilinde geplemek isleyar. Bu yerde kanun bar jijim, turkmenistanyn resmi yerlerinde yada edaralarynda ishlejek bolsan turkmenche bilmeli bolarsyn, men rus dilinde dal oz ene dilimde gepleshesim gelyar diyip talap eden wagtymyz sen hakyky fashist bolyarsyn. Nahili yalnysh pikir dalmi?! Rus dilinde gepleshesi gelip olup yatan bolsalar name Orsyetde gepleshilyarmish!


Yada bolmasa esgerlerimiz indi yol hereketine seredyar, tuweleme gaty gowy alyp baryarlar. Ana sholary hem kabir bihepbelerimiz gunune goyanoklar, men plan yerde ishleyan diyip. Esger neresselerin kopusu chagalykdanmy namemi biljek dal, kan olara zat hem diyip bilenok. Men plan yerde ishleyan diyip adam gorkuzmanyn jenayatlygyny bilenok (Ruhnamany okatmaklygy jenayat hasaplayan dost jenayatyn nameligini bize dushunduren wagty has hem aydyn gorersiniz). Kanunlaryn ahmiyeti, shol kanuna uymasyny talap edyan jemgiyetimiz, shol kanuna na dereje dushunyan bolsa yada bolmasa na dereje talap edyan bolsa shol dereje ahmiyetli bolsa gerek. Aslynda kanun name, döwlet name, jemgiyet name... ilki bulara dushunmek gerek. Gysgajyk dine kanunlar kan bir peydasy yok, kanuny talap edyan jemgiyedem gerek...


D.M.



__________________
yolbars

Date:
Permalink   


quote:






Originally posted by: Dawranm
 Turkmenistanda bir velayatdan bashgasyna gitmegin gadaganlygyny one surup name diyjek bolanyzada dushunmedim, mena islan wagtym islan yerime gidip bilyan! Yogsada islan yerine gidip shu yerde kopurak pul bar yalyla diyip ol yerde choke dushup oturyp bilmersin, oturtmaly hem dal. Men 10 yila yakyn watandan uzakda yashadym. gizdimem gordumem. kop taraplayin gaty tasin zatlary gordum.




 elbetde 10 yýl dasary yurtda yasan adam birbada yagdaylara owrenismez. bu zatlar wagt alar. eger asgabatly biri dasoguza yada lababyn serhetdaki rayonlaryna yada gusgy etrabyna yada beyleki serhetlerdaki rayonlara gitjek bolsa sol yerde yasayan birisinden cakylyk almaly. yada dasoguzly birisi lebaba gitmeli bolsa seyle. yada labaply birisi dasoguza yada bilmem ne rayonuna gitjek bolsa rugsat almaly.


onsonam bir adam yonelige cagalygyny geciren yerini ansat ansat terk etmez. eger bir adam bir yere iþlemage gidyan bolsa agyr gunde galandyr. eger anyrujy oz yerinde bir zat tapyan bolsady basga yere gitmezdi. onsonam iþlemage giden birisi choke dusup oturmaz. sonky guyjune cenli iþlar we derrew masgalasynyn yanyna gitmage howlugar.



__________________
Page 1 of 1  sorted by
 
Tweet this page Post to Digg Post to Del.icio.us


Create your own FREE Forum
Report Abuse
Powered by ActiveBoard