Post Info TOPIC: ABS Yraga Demokratiya Getirermi?
Shamyrat Yusupow

Date:
ABS Yraga Demokratiya Getirermi?
Permalink   



Amerikanyn Yragy basybalyshyndan bäri gandan basga zat görülmedi. Saddamyn tutulmagy bilen gaytam yagday has-da erbetlesdi. Durnyklygyn bolmadyk yerinde, demokratiya gurmagyn manysy näme? Siz bu barada name pikredyarsiniz?

__________________
Shamyrat İusupow

Date:
ISPANIYA: Yrakdan Çekileris
Permalink   


Eger iyuna cemli hiczat uytgemese esgerlerimizi yza cekeris diyyar taze saylanan hokumet.

__________________
shut-the-****-up

Date:
RE: ABS Yraga Demokratiya Getirermi?
Permalink   


quote:

Originally posted by: Shamyrat Yusupow

" Amerikanyn Yragy basybalyshyndan bäri gandan basga zat görülmedi. Saddamyn tutulmagy bilen gaytam yagday has-da erbetlesdi. Durnyklygyn bolmadyk yerinde, demokratiya gurmagyn manysy näme? Siz bu barada name pikredyarsiniz?"

Getirer, jigim, getirer, Turkmenistana-da getirer nesip bolsa...

__________________
Takytcy

Date:
Permalink   

getiryanca entek kop gan dokulermi, 'shut the ** up' ?

__________________
laylaylom

Date:
RE: ABS turkmenistana Demokratiya Getirermi?
Permalink   


menin pikirimce yraga demokratiyanyn gelmegini dalde turkmenistana gelmegini soramalydyrys.

__________________
tankytcy

Date:
Nämäñ Demokratiyasy?
Permalink   


TM-da demokratiya yok diyip kim aydyar?


Dunyade 250 gornush demokratiya bar, we bularyn hemmesi biribirinden tapawutly.


Bir iki amerikan dostum bilen gurrundesh bolanymda ABS-daky kabir yagdaylary aytdy welin, bizin Turkmenistandaky adam hukuklarynyn has kop goralyandygyna goz yetirdim.


Galyberse-de hichili sud edilman, yeke shubhe astynda nace adamy basdylar. Terror bilen baglanshygy MUMKIN diyip. Hichili subutnama gorkezmediler, Guatenamadaky zyndanlara dykdylar. Yakynda iki Britan esgeri boshadylanda, tussaghana edilen zulumlar barada metbugata duyurdylar. Adamçylyga sygmayan wagshycylyklar edyandiklerini dile getirdiler.


Dunya demokratiya yayjak bolyan dowletlerin yagdayy sheyle bolsa, onda beylekilerden name garashmaly?


Turkmenistanda yagday gül yaly. Närazyçylygyñy hat usti bilen prezidente duyurup bilyäñ. Pikir azatlygy bar. Diñe pitne çykaryp biljek dushunjeleriñ metbugata syzyshyndan goralyar.


Galyberse-de Turkmenbashynyn diyishi yaly, Amerika 'demokratiya' eye boljak bolup grazhdan ursyna girdi.


Demokratik yagdya TM-da barha-da gowlashyar. Mundan shubhe yok.



__________________
laylaylom

Date:
RE: ABS Yraga Demokratiya Getirermi?
Permalink   


men yogsada amerikan demokratiyasy osen diymedim. demokraside oppozisiya esasdyr. turkmenistandaky admlaryn hemmesem gyraden pikir edyar diyip bolmaynlygy cyn bolsa hokman basga hili pikir edyan adamlaram bardyr. onda name ucin olaryn sesini esidemizok. demokratiyanyn 250den gowrak gornusi bardygyny bilmegim gowy boldy.

__________________
Tankytcy

Date:
Beyleki Pikirleri E****mek Cozum Getirermi?
Permalink   


Pikretmek gadagan dal, oz kardeslerin arasynda siyasi pikirlerini paylasmak jenayat dal. Emma pikirlerini kopculuge yayjak bolmak, metbugatda neshir etjek bolmak bu shu wagtlykcha jenayat. We geregem shol. Halkyn arasynda pitne-pesadyn yayylmagyn oñi alynyar, we metbugat azatlygyna yuwash yuwash adim adilyar.


Saddam rezhimi repressiyaly bolsa-da, parahatchylyk, durnuklylyk bardy. Birdenem 'demokratiyanyn' gelmegi, yurda bir yyl bari name getirdi?


Galyberse-de men arassa turkmen oppozisiyanynyn bardygyna ynanamok. Birde yarym sumugini sallap yorenler, yurdyn pulyny ogurlap, dashary yurda gachyp, ozlerini haram ishlerini, gara yuzlerini halal geplemek bilen, demokrat we oppozisioner diyip yglan etmek bilen yuwjak bolyarlar.


Shyhmyradow yaraglary satyp, yzyndan prezidentin janyna kasdedip yurdy ele gechirjek bolshyna name diyjek?


Entek yutda ornashdyrmaly kop zat bar. Partiya, oppozisiya wagty gelende bolar. Turkmenistanda yagday beyleki merkezi aziya dowletlerine garanda yene-de onat. Ozbegistanda halkyny agzyna geldi Kerimowyn represiyasy. Indi halk ozuni oldurmekden gorkanok.



__________________
laylaylom

Date:
RE: ABS Yraga Demokratiya Getirermi?
Permalink   


belkide aydyanyn dogrydyr.halypalardan birine "name ucin onki halypalar yaly adyl, hereket etmeyanligini,zalymlygynyn sebabini" sorapdyrlar. o hem olaryn rayaty sahabalardy, menın rayatym bolsa hem sizsiniz. men rayatym nama layık bolsa solar yaly hereket ederin diyipmişin. onda name halk uytgeyanca bizem garasyp otureberelin!

__________________
tankytcy

Date:
Ol Hekaya Sheylerak
Permalink   


Aydyan hekayañ mazmuny sheylerak.


Zalym hokumdar bolan, Hajjaj Zalym, Pygameriñ iki agtygyny (Esen, Söıün) shehit eder derejede zulum edipdi.


Shonda rayatdan biri diyyar: "Hezreti Omar oran adyl emirdi. Sen name ucin musulmanlara beyle zulum edyäñ?"


"Hz Omaryn dowrundaki rayatlar Ebu Hureyre yaly adamlardy. Sizem shol dowurdaki adamlar yaly boluñ, menem Omar yaly bolayyn," diyip Hajjaj jogap beryar.



__________________
absabsabs

Date:
RE: ABS Yraga Demokratiya Getirermi?
Permalink   


zalymlar diktalar binamyslar ahyry jezasyny gorerler. saddamy yatlan, ahyry bir cukura gizlenip yatyrka tapyldy.belkide bu amerikanyn video oyuny bolup biler emma netije uytgemeyar. diktalar yıkılyar. elbetde men hemme diktalary amerika yıksın diyemok. 


emma in azyndan namanin namedigini bilip goymaly. in osen demokratya bizinki diyp owunmeli dal. 'turkmenistan demokratik bir dowletdir' diyenin bilen halkyn garny yada ruhy doyanok. elbetde basga zatlaram gerek.


 halk ozuni onarmayar diyip bolmaz. halkyn elini tutmasan, azajyk dowlet goldawyny bersen negit yada gaz bolmandada halk oz gunini gorer.



__________________
tankytcy

Date:
Amerikanyn masgaracylygy
Permalink   


Amerikan halkynyn hokumetinin Yrak syyasaty barada
pikrini uytgetdiren, dunyani yerinden oynadan
suratlar, CBS kanalynyn 60 minutes gepleshiginde
gorkezildi.

Amerikan esgerleri tarapynda zorlanan, urulan,
yalañaçlandyryp oynalan yrakly yesirlerin suratlaryny
shu linkde gorup bilersiniz.

Ejiz yureginiz bar bolsa, gormezliginizi maslahat
beryas.

http://www.thememoryhole.org/war/iraqis_tortured/

__________________
dawranm

Date:
RE: ABS Yraga Demokratiya Getirermi?
Permalink   


Amerikny indi dunya tanamana bashlady. Amerikanyn bahanlary hem ynanardan gaty dashda galyan mysallar. Olaryn aytmagyna gora tussaglara edilyn zorlamalaryn hemmesi olry gepletmekmishin. Wah gepletmek uchun beyle kynchylyga sezawar etmek haysy demokratiyada yada bolmasa azatlyga sygyarka. Onson hem CIA elinde gepledyan dermandyr dariler kan, name uchun olary ulanmakdan saklandylark. Bu sowalyn jogaby megerem amerikalylar puhuny iymesinlerlay bolsa gerek. Uns berip gorseniz ysrail esgerleri bilen amerikan esgerlerinin biri birine menzeyishi size bir zatlar yatladyarmy? Yagny man pikirimche Yaser Arafaty tanklary bilen gawawda tutyp duran guych, amerikanyn prizidentini hem pulynyn, elindaki medya guyjunin we lobisinin guyji bilen ak tamda gawawda tutyanlygy sizin hijinizin unsunizi chekmedimi? Gorsene bu dunyade bolup gechyan zatlary, gingdir dünye, gengdir dunye diyip aydypdyrlar ahyryn...
D.M.

__________________
dogan

Date:
Permalink   

quote:

Originally posted by: dawranm

"Uns berip gorseniz ysrail esgerleri bilen amerikan esgerlerinin biri birine menzeyishi size bir zatlar yatladyarmy? Yagny man pikirimche Yaser Arafaty tanklary bilen gawawda tutyp duran guych, amerikanyn prizidentini hem pulynyn, elindaki medya guyjunin we lobisinin guyji bilen ak tamda gawawda tutyanlygy sizin hijinizin unsunizi chekmedimi? Gorsene bu dunyade bolup gechyan zatlary, gingdir dünye, gengdir dunye diyip aydypdyrlar ahyryn... D.M. "

Amerikan esgerleri bilen ysrail esgerlerinin edil niresi menzesh? Burnymy, gozimi, eshigimi? Ysrail esgerlerinin ichyan Coca-Colasymy. Menzeshlik nireden bilinyar? Belki bashga yurtlarynynam esgerleri olara menzeshdir? Menem indikide bu menzeshligi goresim gelyar.

__________________
dawran

Date:
Permalink   

dosum göresigelijiligin gaty begendirdi. sen goresigelijiligin bilen bilesigelijiligin maksady bir bolan wagty sen indiki muna menzesh menzeshliklerem, ondan sonky menzeshlikleri hem gorup bilersin... Ynsanbalasy pikirlenip, analiz edip bilyan hemme zadyny gorubem bilyandir.

__________________
Page 1 of 1  sorted by
 
Tweet this page Post to Digg Post to Del.icio.us


Create your own FREE Forum
Report Abuse
Powered by ActiveBoard